Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy

Eýranyň Sistan-Belujistan welaýatynda ýaragly topar tarapyndan polisiýa merkezine guralan hüjümde 1 polisiýa işgäri ýogaldy

2087087
Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Sistan-Belujistan welaýatynyň Rask şäherinde düýn gije ýaragly topar, serhediň golaýyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurady. 

Howpsuzlyk güýçleriniň garşylyk görkezmegi netijesinde bolan çaknyşykda 1 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Takmynan 3 sagat dowam eden çaknyşykdan soň hüjümçiler wakanyň bolan ýerinden gaçdylar, sebitde giň gerimli operasiýa başladyldy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini Eýranda terror guramasy hökmünde yglan edilen "Jeýşul Adl" atly terror guramasy öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar