ABŞ-nyň Siriýadaky Harby Bazasyna Hüjüm Guraldy

Eýran tarapyndan goldanýan toparlar ABŞ-nyň Siriýadaky harby bazasyna raketaly hüjüm gurady.

2085741
ABŞ-nyň Siriýadaky Harby Bazasyna Hüjüm Guraldy

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä Ýefrat derýasynyn günbatar kenaýarynda Deýrizora degişli Mýadin etrabyndaky Eýran tarapyndan terrorçy toparlar ir säher Ýefrat derýasynyn gündogar kenaryndaky Amerikan güýçleriniň ornaşan Omar nebit giňişligi bazasyna raketaly hüjüm gurady. Hüjümde adam pidasy ýok.

ABŞ hüjüm hakynda henize çenli beýannama bermedi.

Beýleki tarapdan kime degişlidigi bilinmeýäň howa ulaglary düýn Deýrizor welaýatynyň Yrak serhedindäki Albukamal etrabynda Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlara degişli harby ulag kerwenini nyşana alypdy.

Siriýada Amerikan güýçleriniň ornaşýan bazalaryna ýylyň başyndan bäri raketa we kime degişlidigi näbelli kamikaze dronlary bilen azyndan 4 gezek hüjüm guralypdy.

Deýrizor welaýatynyň Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän bölegi Amerika tarapyndan goldaýan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan baslyp alyndy. Welaýat merkezi we çetki obalar bolsa Siriýanyň hökümetiniň we Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň gözegçiliginde.



Degişli Habarlar