Gazada 90 Müňden Gowrak Adam Ýogaldy, Ýaralandy ýada Dereksiz Ýitdi

Ysraýylyň hüjümlerinde 4-nji ýanwara çenli 28 müň 201-i asuda ilat bolmak bilen30 müň 676 palestinaly ýogaldy.

2085059
Gazada 90 Müňden Gowrak Adam Ýogaldy, Ýaralandy ýada Dereksiz Ýitdi

Gazanyň ilatynyň 4 göterimi ýogaldy, dereksit ýitdi ýada ýaralandy.

Ýewropa-Ortaýer deňizi Adam hukuklary guramasy Euro-Med tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Gaza Sektorynyň jemi ilatynyň 4 göterimi ýagny 90 müňden gowrak adam ýogaldy, ýaralandy ýada dereksiz ýitdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri yzygiderli ýagdaýda dowam etdirýän howa, gury ýer we deňiz hüjümleri Gaza Sektoryndaky desgalaryň we infstrukturanyň 70 göterimini ýok etdi.

Euro-Mede görä, Ysraýylyň hüjümlerinde 4-nji ýanwara çenli 28 müň 201-i asuda ilat bolmak bilen30 müň 676 palestinaly ýogaldy.

Ýogalanlardan 12 müň 40-y çaga, 6 müň 102-i zenan, 241-i saglygy goraýyş işgäri, 105-i hem žurnalist.

Euro-Mede görä, hüjümler sebäpli sebitde 67 müň 946 ýaşaýyş jaýy dolulygyna ýykyldy, 179 müň 750 ýaşaýyş jaýyna hem zeper ýetirildi.

 



Degişli Habarlar