Demirgazyk Koreýanyň lideri uruşa görülýän taýarlyklaryň çaltlandyrylmagyny isledi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde Demirgazyk Koreýa garşy alynyp barylýan ozal deňi-taýy bolmadyk wehimlara garşy uruşa görülýän taýarlyklaryň çaltlandyrylmagy barada çagyryş berdi

2081849
Demirgazyk Koreýanyň lideri uruşa görülýän taýarlyklaryň çaltlandyrylmagyny isledi

Demirgazyk Koreýanyň resmi Koreýa Merkezi Habarlar agentliginiň habarynda, Kim Çen Ynyň hökümediň başyndaky Koreýanyň Zähmetkeşler partiýasynyň baş geňeşiniň maslahatynyň 2-nji günündäki bölüminde çykyş etdi. 

Çykyşynda ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde Demirgazyk Koreýa garşy ozal deňi-taýy bolmadyk derejede wehimleriň bardygyny we olaryň Koreýa ýarymdasyndaky howpsuzlyga wehim salýandygyny aýdan Kim Çen Yn, uruşa görülýän taýarlyklaryň has hem çaltlandyrylmagy we artdyrylmagy üçin goşuna, goranyş pudagyna we ýadro güýçlerini ösdürmek programmalaryna çagyryş berdi. 

Kim Çen Yn mundan başgada imperializme garşy bolan ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygyny artdyrjakdyklaryny belledi. 



Degişli Habarlar