Nigeriýada nebit geçiriji turba liniýasynda partlama boldy

Nigeriýanyň Riwers welaýatynda nebit geçiriji turba liniýasynda bolan partlamada 20 adam ýogaldy

2081452
Nigeriýada nebit geçiriji turba liniýasynda partlama boldy

Milli metbugatda berilen habarlarda Riwers welaýatynyň Omoku sebitindäki nebit kärhanasyna degişli turbanyň nebit ogurlamak isleýän ýaşlar tarapyndan deşilendigi mälim edildi. 

Şol wagt bolan partlamada 20 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy aýan edildi. 

Resmiler wakanyň bolan ýerine gözleg we halas ediş toparlarynyň gönükdirilendigini belläp, partlama bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdiler. 


Etiketkalar: #turba , #nebit , #partlama , #Nigeriýa

Degişli Habarlar