Meksikadan 10 Müň Adam ABŞ-na Tarap Ugrady
Häzirlikçe 10 müňe golaý adamyň ýola çykandygy emma şol sanyň 15 müňe ýetip biljekdigi nygtaldy.
2081017
![Meksikadan 10 Müň Adam ABŞ-na Tarap Ugrady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/232c/5886/bd69/658a71cb47d65.jpg?time=1722046689)
Meksikadan 10 müň adamlyk täze topar ABŞ-na gitmek üçin ýola çykdy.
Meksikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurduň günortasyndan müňlerçe adam ABŞ-na tarap ugrady.
Häzirlikçe 10 müňe golaý adamyň ýola çykandygy emma şol sanyň 15 müňe ýetip biljekdigi nygtaldy.
24 ýurtdan ybarat bolan toparyň içinde 3 müňden gowrak 14 ýaşyna ýetmedik çagalaryň we göwreli aýallaryň bardygy nygtaldy.
Şeýle uly toparyň ABŞ-na barmagynyň uly kynçylyga sebäp boljakdygy aýdylýar.
Gelip gowşan habarlar sebäpli Meksika-ABŞ serhedine goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň ornaşdyryljakdygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722046690)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy