Indoneziýadaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Sulawesi adasyndaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi

2080898
Indoneziýadaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Polisiýa gullugynyň resmileri waka bilen baglanşykly geçirilýän derňew işi tamamlanýança çenli desganyň işlerini duruzulandygyny habar berdiler. 

Resmiler ýogalanlaryň 18-siniň Hytaýyň raýatlarydygyny, ýaralanan 44 işgäriň bejergisiniň dowam edýändigini beýan etdiler. 

Sulawesi Polisiýa gullugynyň ýolbaşçysy Agus Nugroho, waka desganyň eýesi PT IMIP kärhanasynyň sebäp bolup-bolmandygyny anyklamak üçin ýörite toparyň döredilendigini aýan etdi. 

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mao Ning düýn beren beýanatynda ýogalanlar sebäpli gynanç bildirip, Indoneziýadaky resmiler bilen ýakyn aragatnaşyk içindediklerini habar berdi. 

Desganyň erediş pejinde 24-nji dekabrda bolan partlamada ilkinji eksgitlemelere görä 13 adam ýogalypdy, käbirleriniň saglyk ýagdaýlary agyr ýaralanan 38 adam hassahanda bejergi astyna alynypdy. 


Etiketkalar: #partlama , #nikel , #desga , #Indoneziýa

Degişli Habarlar