Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi

Halkara atom energiýasy gullugy Demirgazyk Koreýanyň ikinji atom reaktorynyň işe girişendigini beýan etdi.

2079517
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi

BMG-niň çäginde atom gözegçiligini ýola goýmaküçin döredilen Halkara atom energiýasy gullugynyň we garaşsyz atom bilermenleriniň penşenbe güni beren beýannamasyna görä Demirgazyk Koreýanyň Ýangbion ýadro desgasynda ýerleşýän ikinji reaktor ilkinji gezek işlemäge başlady.

Halkara atom ernergiýasy gullugy Demirgazyk Koreýanyň plutoniý öndürmek maksady bilen uzak ýyllardan bäri Ýangbiondaky 5 megawatlyk atom reaktoryndan gelýän ulanylan ýangyçdan peýdalanýandygyny, emma uly ýeňil suw reaktoryndan ýyly suw çykyşynyň görülmeginiň, ikinji reaktoryň hem işe girişendigini görkezýändigini beýan etdi.

Gullugyň Başlygy Rafael Grossi; “Ýyly suwuň boşadylmagy, reaktoryň möhüm çäge ýetendigini alamatlandyrýar” diýdi.

Halkara atom energiýasynyň gullugy 2009-njy ýyldan bäri Demirgazyk Koreýa  gözegçilik maksatly elýeterliligi ýok.

Bar bolan foto we wideo ýazgylar emeli hemra arkaly alynýar.



Degişli Habarlar