Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşuny Gaza zolagyna garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde 19 müň 667 palestinaly ýogaldy, 52 müň 586 palestinaly bolsa ýaralandy

2078829
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza şäheriniň ar-Rimal etrapçasyny bombalamagy netijesinde 50 palestinaly ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Harabalyklaryň aşagynda galan azyndan 50 adamyň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Jibaliýe sebitine guran hüjümlerinde aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan onlarça adam ýogaldy we ýaralandy. 

Gaza zolagyndaky hökümet Ysraýylyň goşunynyň Gaza guran hüjümlerinde öldürilen habarçylaryň sanynyň 97-ä ýetendigini aýan etdi. 

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy 7-nji oktýabrda başladan we häzirki wagtda hem dowam edýän hüjümlerinde 52 müň 600 bina dolulygyna ýumruldy, 254 müň ýaşaýyş binasyna zeper ýetdi. 

Gazada gyrgynçylyk edýän Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada hem zulumyna arakesme bermeýär. 

Günbatar Şeria sebitindäki ençeme şäherde reýdler geçiren Ysraýylyň harby güýçleri ýene-de 2 palestinala ot açdy, köp sanda adamy göz tussaglygyna aldy. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar