ABŞ Bilen Koreýa Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirdi
ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň ýörite operatiw gulluklarynyň iki hepde dowam eden bilelikdäki harby türgenleşik geçirendigi beýan edildi.
Demirgazyk Koreýanyň yzly-yzyna geçiren raketa synaglary Koreýa ýarym adasynda we sebitde ýerleşýän ýurtlarda alada döreden bolsa, ABŞ we Koreýa Respublikasy Phenýana abaý-syýasat häsýetdeli harby türgenleşik geçirildi.
ABŞ-nyň Koreýadaky güýçleriniň beýan etmegine görä Koreýa Respublikasynyň we ABŞ-nyň ýörite operatiw güýçleriniň iki hepde dowam eden bilelikdäki türgenleşigi geçirildi.
Nirede we haçan geçirilendigi mälim edilmedik “kesgitli wagtda nyşanalary halas ediş” ssenarisiniň çäginde şäherde ýerleşýän tälim giňişliginde geçirilen türgenleşige ABŞ-nyň ýörite operatiw güýçleri we ABŞ-nyň SEAL komandoslarynyň ýany bilen Koreýa Respublikasynyň ýörite harby serkerdeliginiň esgerleri bilen ýörite operatiw bölüminiň polislerinin gatnaşandygy habar berildi.
Beýannamada Koreýa Respublikasy bilen Amerikan ýaranlygynyň ileri tutulýan ugurlara we integrirlenen ýüzöwürdijilige esaslanýan halkara topar işiniň nusgasy bolup durýandygy nygtaldy.