ABŞ-nyň Goranmak Ministri Ysraýyla Gitdi

Amerikaly harby ýolbaşçylaryň Ysraýylly ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

2077924
ABŞ-nyň Goranmak Ministri Ysraýyla Gitdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Brown Ysraýyla gitdi.

Ysraýylyň KAN teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Brownyň uçary Ysraýyla gondy.

Amerikaly harby ýolbaşçylaryň, Gazadaky söweş we Ýakyn Gündogardaky sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Ysraýylly ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar: #duşuşyk , #Ysraýyl , #ABŞ

Degişli Habarlar