Putin: "Erdogan Gaza bilen bagly tagallalarda esasy rol oýnaýar" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Gaza bilen bagly tagallalarda esasy rol oýnaýandygyny habar berdi

2076700
Putin: "Erdogan Gaza bilen bagly tagallalarda esasy rol oýnaýar" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin ýurduň paýtagty Moskwa şäherindäki Gostinyý Dwor Söwda we sergi merkezinde geçirilen ýyllyk ýörite sorag-jogap bölümine we ýylyň ahyrky metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Çykyşynda Türkiyä 2024-nji ýylyň başlarynda sapar gurap biljekdigini aýdan Putin: "Erdogan Gaza bilen bagly tagallalarda esasy rol oýnaýar" diýip nygtady. 

Putin: "Erdogan Gazadaky tragediýa ünsleri çeken, ýagdaýy gowulaşdyrmak, uzak möhletleýin parahatçylyk şertleirni doretmek üçin ähli zady edýän halkara jemgyýetiň liderleriniň biridir" diýip habar berdi. 

Putin: "Türkiye ýaly biz hem Palestina döwletiniň esaslandyrylmagy bilen bagly BMG-nyň kararlarynyň durmuşa geçirilmeginiň tarapdarydyrys. Erdogan bilen bu babatda dowamly häsýetde aragatnaşyk içindediris. Çemeleşmelerimiz biri-birine örän ýakyn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar