Russiýanyň Ukraina uruşynda esgerleriniň 87 göterimini ýitirendigi öňe sürüldi

Russiýanyň Ukraina uruşyndan ozal işjeň ýagdaýda wezipelerini ýerine ýetiren esgerleriniň 87 göterimini ýitirendigi öňe sürüldi

2076222
Russiýanyň Ukraina uruşynda esgerleriniň 87 göterimini ýitirendigi öňe sürüldi

CNN ABŞ-nyň razwedkasynyň Kongrese beren habarnamasyna esaslanyp beren maglumatyna görä, Russiýa Ukraina uruşyndan ozalky ýagdaýyna garanyňda harby taýdan uly ýitgi çekdi. 

Habarnamada Russiýanyň uruşdan ozal  işjeň ýagdaýda wezipelerini ýerine ýetiren esgerleriň 87 göteriminden, tanklarynyň bolsa 1/3 böleginden mahrum bolandygy mälim edildi. 

Russiýanyň Ukraina 360 müň esger bilen girendigi we şolaryň 315 müňüni söweş meýdanlarynda ýitirendigi bellenen habarnamada, 3500 tankyň 2200-siniň, 13600 harby ulagyň 4400-siniň Ukrainada hatardan çykandygy aýan edildi. 

Şol ýitgilere garamazdan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukraina garşy hüjümler boýunça tutanýerlidigi we Ukrainanyň Russiýa garşy uly öňe gidişlikler edip bilmejekdigi habarnamada bellendi. 


Etiketkalar: #uruş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar