ABŞ-na degişli harby uçar Günorta Koreýanyň suw giňişliginiň çäklerine gaçdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişli F-16 harby uçar Günorta Koreýa döwletiniň suw giňişliginiň çäklerine gaçandygy mälim edildi

2075065
ABŞ-na degişli harby uçar Günorta Koreýanyň suw giňişliginiň çäklerine gaçdy

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri Günorta Koreýanyň günbataryndaky Sary deňize gaçan harby uçar bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Beýanatda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikde ulanýan harby bazadan tälim uçuşyny amala aşyrmak üçin çykan F-16 harby uçarynyň uçarmany, uçuş wagtynda sebäbini aýtman, gyssagly ýagdaýda özüni uçardan atandygy bellendi. 

Günorta Koreýanyň Harby floty tarapyndan halas edilen uçarmanyň huşunyň ýerindedigi, saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy bellenen beýanatda, uçarmanyň Günorta Koreýanyň günorta-günbataryndaky kenarýaka şäheri Gunsanyň golaýynda ýerleşýän Kunsan howa bazasyna alynyp gidilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar