Gresiýanyň Daşary işler ministri Türkiye-Gresiýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Türkiye bilen aralaryndaky düşünişmezçilikleri bir gyra goýup, iki ýurdy birleşdiren elementlere, gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükmegiň zerurdygyny habar berdi

2074185
Gresiýanyň Daşary işler ministri Türkiye-Gresiýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Gresiýanyň Döwlet telewideniýe kanaly ERT-e beýanat beren Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis Türkiye bilen Gresiýanyň arasynda düýn paýtagt Afiny şäherinde 5-nji gezek geçirilen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň üstünde durup geçdi. 

Ýorgos Ýerapetritis Türkiye bilen Gresiýany umumy geografiýa birleşdirýändigini, şol sebäpli iki ýurduň düşünişmezçiliklerine çözgüt tapmagyň zerurdygyny beýan etdi. 

Iki ýurduň arasynda düşünişmezçilikleriň bardygyny aýdan Ýorgos Ýerapetritis: "Şol düşünişmezçilikleri bir gyra goýup, iki ýurdy birleşdiren elementlere, položitel gün tertibe, halk hökmünde gatnaşyklary berkitmäge, has berk ykdysady gatnaşyklara gönükmelidiris" diýip habar berdi. 

Ýorgos Ýerapetritis: "Maksadymyz nähili düşünişmezçilik bolsa bolsun, şonuň krizise öwrülmezligidir" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #Gresiýa

Degişli Habarlar