Putin Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Gazanylan Tejriblere Esaslanýandygyny Beýan Etdi

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin Türkiýe bilen gatnaşyklaryň iň ýokary derejededigini we uzak ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda gazanylan tejribä esaslanýandygyny beýan edip; “İki tarap hem gatnaşyklary hasam ösdürmek isleýär” diýdi.

2072497
Putin Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Gazanylan Tejriblere Esaslanýandygyny Beýan Etdi

Putin Kreml köşkünde Türkiýäniň Mowkwadaky İlçisi Tanžu Bilgiç bilen bilelikde Russiýada işe girişen 21 ýurduň ilçilerini kabul edip, Ynanç hatlaryny kabul etdi we olary täze wezipeleri bilen gutlady.

Ol ýerde sözlän sözünde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Putin: “Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk iň ýokary derejede we uzak ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda gazanylan tejribä esaslanýar. İki tarap hem hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk we özara bahbit ýörelgelerine laýylykda gatnaşyklary hasam ösdürmekde ygrtarly” diýdi.

Prezident Erdogan bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandygyny beýan eden Putin, şol gatnaşyklarda özara gatnaşyklar bilen bagly ähli esasy meseleleriň seljerilýändigini aýtdy.

Putin; “Energetika pudagynda rus-türk hyzmatdaşlygynyň hakykatdan hem strategik häsýete eýedigini aýratyn nygtasym gelýär. Rosatom, Türkiýede ilkinji atom elektrik bekedini Akkuýuda gurmaga dowam edýär. Mawy Akym we TürkAkym tebigy gaz geçirijileriniň çäginde tebigy gaz pudagynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkiýede tebigy gaz paýlaýyş merkeziniň döredilmegi boýunça taýýarlyklar dowam edýär. Söwda we ýokary tehnologiýa boýunça hem köp sanly möhüm taslamamyz, bilelikdäki işlerimiz bar” diýdi.



Degişli Habarlar