Pakistanda Mekdebiň Golaýynda Bombaly Hüjüm Guraldy

Mekdebiň golaýynda guralan bombaly hüjümde 3-i çaga 6 adam ýaralandy.

2072748
Pakistanda Mekdebiň Golaýynda Bombaly Hüjüm Guraldy

Pakistanyň Haýber Pahtunwa welaýatynda mekdebiň golaýynda guralan bombaly hüjümde 3-i çaga 6 adam ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Peşawer şäherinde ýola goýlan bomba ýaryldy.

Mekdebiň golaýynda guralan bombaly hüjümde 3-i çaga 6 adam ýaralandy.

Ýolbaşçylar hüjümde ýaralanan 7-10 ýaşyndaky 2 çaganyň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

Hüjümde 4 kilogramlyk partlaýjy maddasynyň ulanylandygyna ünsi çeken ýolbaşçylar, hüjümiň jogapkärleriniň tussag edilmegi üçin operasiýanyň başladylandygyny ýatlatdy.

Pakistanda şu ýyl esasan Haýber Pahtunhwa we Beluçistan welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümler artdy.

 



Degişli Habarlar