Ysraýyl Liwanyň Serhet Ýakasyny Bombalady

Bu barasynda Liwanyň “NNA” habarlar gullugy mälim etdi.

2069859
Ysraýyl Liwanyň Serhet Ýakasyny Bombalady

Liwanyň resmi habarlar gullugy “NNA” Ysraýylyň harby güýçleriniň Liwanyň günortasyndaky serhet zolagynda ýerleşýän Aýta al-Şaab etrapçasyna raketaly hüjüm gurady.

Hüjümde çekilen ýitgi hakynda maglumat berilmedi.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri dowam edýan çaknyşyklarda 86 hizbullah agzasy we 6 Ysraýyl esgeri öldi.

Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar Ysraýyl bilen Hamasyň 24-njy oktýabrda gazanan “ynsanperwer ylalaşykdan” soň azaldy.



Degişli Habarlar