Husilere Degişli Köp Sanly Dron Urlup Düşürildi
ABŞ, köp sanly hüjüm dronynyň Gyzyl deňizde urlup düşürlendigini habar berdi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi, Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň gözegçiligi astyndaky sebitlerden uçurlan köp sanly hüjüm dronynyň Gyzyl deňizde urlup düşürlendigini habar berdi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan husileriň gözegçiligi astyndaky sebitlerden uçurlan köp sanly “bir taraply hüjüm drony” ABŞ-nyň deňiz flodyna degişli “USS Thomas Hudner” tarapyndan urlup düşürildi.
Dronlaryň ABŞ-nyň gämisi tarapyndan Gyzyl deňizde urlup düşürlendigi bellenildi.
Ýemendäki Husiler, 31-nji oktýabrdan bäri birnäçe gezek Ysraýyla garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandyklaryny mälim edipdi.
Husiler, 19-njo noýabrda bolsa Gyzyl deňizde Ysraýyla degişli gämileri nyşana almak bilen hemle atypdy, yzy ýanyndan ysraýylly firma degişli söwda gämisini Gyzyl deňizde ele geçirendigini mälim edipdi.
Degişli Habarlar
Ermenistanda Hökümete Garşy Geçirilýän Ýörişler Dowam Edýär
Ýerewanda geçirilýän hökümete garşy ýörşlerde 240-dan gowrak adam saklandy.