Gazadaky Ýagdaý Iňňän Agyrlaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gazada galan raýatlaryna goldaw berjekdiklerini beýan edip; “Gazadaky ýagdaý iňňän agyrlaşdy” diýdi.

2067614
Gazadaky Ýagdaý Iňňän Agyrlaşdy

Putin paýtagt Moskwada hökümetiň agzalary bilen onlaýn formatda geçiren maslahatynda, gün tertibindäki möhüm meseleler hakynda beýannama berdi.

Gaza Sektorundaky ýagdaý barasynda durup geçen Putin; “Ol ýerdäki ýagdaý iňňän agyrlaşdy” diýdi.

Putin Gazadan 900-dan gowrak ewakuasiýa ýüztutmasynyň gelip gowuşandygyny beýan edipo; “Şolardan 639 sanysy rus raýaty, 271 sanysy bolsa şolaryň garyndaşlary” diýdi.

Raýatlarynyň halas edilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtan Putin; “Bu iňňän möhüm gumanitar, esasy wezipedir. Wakalardan ejir çeken adamlara kömek berilmeli. Ol ýerde nämeleriň bolup geçýändigini görýäris. Şol sebäpli esasanda raýatlarymyza goldaw bermek mukaddes borjumyz” diýdi.

Putin düýn Moskwada Täjigistanyň Prezidenti İmamali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Putin: “Täjigistana iki tapgyr S-300 howa goranyş ulgamyny berdik. Jemi 8 atyş ulgamy bolýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar