BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi

BMG-niň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bari asuda ilatdan 10 müň adamyň öldürilendigini, 18,500 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

2067384
BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi

BMG-niň Syýasy işler bölüminiň Baş sekretarynyň Ýewropadan, Orta Aziýadan we Amerikadan jogapkär orunbasary Miroslaw Ýenja BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçirilen maslahatda agza ýurtlaryň wekillerine maglumat berdi.

“Russiýanyň Ukrainana hüjümleri BMG-niň şertnamasyna we halkara hukugyna bap gelmeýar” diýen Ýenja, gurbanlaryň arasynda ýüzlerçe çaganyň hem bardygyna ünsi çekdi.

Çaknyşyklaryň gysga möhletde bes edilmejekdigine ünsi çeken Ýenja; “Russiýanyň Ukraina hüjümleriniň başlamagyndan bäri asuda ilatdan 10 müň adam öldürildi, 18,500 adam ýaralandy” diýdi.

Ýenja söweş şertlerinde ikinji gyşy başdan geçirjek millionlarça ukrainaly üçin ýagdaýyň iňňän agyrdygyny nygtady, çaknyşygyň Gara deňiz sebitine ýaýrama howpunyň henizem ýokarydygyny beýan etdi.

BMG-niň Russiýanyň gözegçiligindäki Ukraina degişli ýerlerde halkara hukugynyň kadalarynyň bozulmagyna alada bildirýäňdigini aýdan Ýenja, sebitde rus resmileriniň saýlaw geçirendigini, rus häkimleri belländigini we rus kanunlarynyň güýje girmäge başlandygyny habar berdi.

Ýenja; “Şahsyýetleri we guramalary güýç bilen çalyşmak edilýän synanşyklar kabul edilmesiz” diýip; “Global synag we çökgünlik şertlerinde halkara jemygýetçiligi Ukraina bolan gyzyklanmasyny ýitirmeli däl we ukrain halkynyň bu söweş sebäpli ejir çekmeginiň öňüni almaly” diýdi.



Degişli Habarlar