ABŞ-Kanada serhedinde partlama boldy

ABŞ bilen Kanadany biri-biri bilen birleşdirýän köprüde ulaglaryň biriniň partlamagyndan soň, serhet geçelgeleri ýapyldy

2067883
ABŞ-Kanada serhedinde partlama boldy

Federal Derňew býurosyndan berilen beýanatda, Niagara derýasynyň ugrunda ýerleşýän Rainbow köprüsinde partlamanyň bolandygy, partlamanyň näme sebäpli bolandygynyň derňelýändigi habar berildi. 

Gümrük geçelgesindäki resmiler köprüden geçip barýan ulagyň partlamagyndan soň, howpsuzlyk maksatly Rainbow köprüsindäki geçişleriň we Kanadanyň Ontario ştatyny ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştaty bilen birleşdirýän beýleki 3 gümrük geçelgesiniň ýapylandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #serhet , #ulag , #partlama , #köpri , #ABŞ , #Kanada

Degişli Habarlar