Ýuwaş okean sebitinde ýer titremesi boldy

Ýuwaş okeanda ýerleşýän ada ýurdy Wanuatuda 6,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

2067527
Ýuwaş okean sebitinde ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi Wanuatunyň Port Orly şäherçesiniň 98 km uzaklygyndaky suw giňişliginde 6,7 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi. 

Ýeriň 22 km aşagynda emele gelen ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä adam ýitgisi çekilmedi. 

Awstraliýanyň Sunami duýduryş merkezi sunami howpunyň bolmandygyny habar berdi. 

Indoneziýada hem 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi ýurduň gündogaryndaky Halmahera adasyndaky Tobelo sebitiniň 93 km günbatarynda bolan 6 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 19 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi. 

Indoneziýanyň Meteorologiýa, Klimat we geofizika edarasy sunami howpunyň bolmandygyny aýan etdi we kiçiräk ýer yranmalaryň dowam etjekdigi barada duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar