Gazada adam pidalary artmaga dowam edýär

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň giň göwrümli hüjümleriniň astynda bolan Gazada adam pidalary artmaga dowam edýär

2067289
Gazada adam pidalary artmaga dowam edýär

Gazadaky hökümet: "Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 828 adam artyp, 14 müň 128 adama ýetdi. Ýogalanlaryň 5 müň 840-y çagalardan, 3 müň 920-si zenanlardna ybarat" diýip habar berdi. 

Ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 33 müňden geçendigi bellenen beýanatda, şolaryň hem 75 göterimden gowragynyň zenanlardan we çagalardan ybaratdygy mälim edildi. 

Beýanatda Ysraýylyň hüjümlerinde ýumrulan binalaryň aşagynda we jesetleri köçelerde galan 4500-i zenanlardan we çagalardan ybarat jemi 6800 adamyň hem dereksiz ýitendigi bellenip, Ysraýylyň 46 günde 205-i saglygy goraýyş işgärini, 22 raýat goranyş edarasynyň resmisini we 62 žurnalisti öldürendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #pida , #adam , #Ysraýyl

Degişli Habarlar