Hytaýyň Döwlet Baştutany Fransiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Hytaýyň Daşary işler ministrligi telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi

2066922
Hytaýyň Döwlet Baştutany Fransiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baştutany Si Szinpin bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky çaknyşyklar siklinden çykmagyň düýp ýolunyň iki döwletli çözgütdigini beýän etdiler. 

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, iki lider geçiren telefon söhbetdeşliklerinde Ysraýylyň hüjüminiň astyndaky Gazadaky ýagdaýy we Palestina meselesi babatyndaky garaýyşlaryny ele aldylar. 

Si we Makron Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň has hem erbetleşmeginiň, has uly ynsanperwer krizisi öňüni almagynyň gyssagly ileri tutulýan ugurdygyna ynanýandyklaryny belläp: "Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky çaknyşyklar siklinden çykmagyň düýp ýoly iki döwletli çözgütdir" diýip habar berdiler. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary 7-nji oktýabr güni irden Ysraýylyň "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşylyk görkezmek maksady bilen" giň göwrümli hüjümler guran bolsa, Ysraýylyň goşuny şondan soň Gaza sektoryna garşy giň gerimli howa hüjümlerini başlatdy. 

Ysraýylda 7-nji oktýabrda guralan hüjümlerde 310-dan gowragy harby bolmak bilen jemi 1200 ysraýyllynyň ýogalandygy, 5132 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýyla görä Kassam toparynyň elinde 239 ysraýylly ýesir bar. 

Gazadaky hökümede görä 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde Gazada 5600-i çaga we 3550-si zenan jemi 13 müň 300 adam öldürildi. 

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada we Iýerusalimde 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar tarapyndan guralan hüjümlerde 217 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny Gazada on müňlerçe ýaralanan adam bilen asuda ilatyň sygynan onlarça hassahanany mejbury ýagdaýda ewakuasiýa etmek üçin nyşana alyp, hüjüm gurady. Basyp alyşlykda käbir hassahanalara girdi. Hüjümlerde ýüzlerçe adam ýogaldy we ýaralandy. 

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri serhetde başdan geçirilýän çaknyşyklarda mundan başgada Hizbullahyň 76 agzasy öldi. 



Degişli Habarlar