Ysraýyl ýesirler bilen bagly beýannama berdi

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Galant Hamasyň elindäki tussaglylaryň azat edilmegi üçin ylalaşyk baglaşyp biljekdiklerini habar berdi

2063612
Ysraýyl ýesirler bilen bagly beýannama berdi

Ýediot Ahronot gazediniň habar bermegine görä Ýoaw Galant, paýtagt Tel-Awiw şäherinde ýesir düşen adamlaryň maşgalalary bilen duşuşyk geçirdi. 

Ýoaw Galant islendik ýagdaýda ýesirleri azat etmekde tutanýerlidiklerini, onuň bolsa ylalaşyk ýa-da operasiýa arkaly bolup biljekdigini mälim etdi. 

Ýoaw Galant: "Uruş üçin belli bir senenama ýok. Ýesir düşen adamlar azat edilýänçä çenli dowam ederis" diýip habar berdi. 

Ýoaw Galant şol beýanaty bilen ilkinji gezek Hamasyň elindäki tussaglylaryň azat edilmegi üçin ylalaşyk baglaşyp biljekdikleriniň üstünde durup geçdi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin Al-Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýylyň basyp alyşlygyna we düzgün bozmalaryna garşylyk görkezmek maksady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy we köp sanda ysraýyllyny zamun alyp Gaza alyp gidipdi. 

Ysraýylyň goşuny giň gerimli hüjümleriň dowam edýän Gaza sektorynda takmynan 240 ysraýylly ýesiriň bardygyny habar beripdi. 

Ysraýylda üstünde köp jedelleşilen Hamas bilen ikitaraplaýyn häsýetde ähli ýesirleriň we tussaglylaryň azat edilmegi we ynsanperwer ýaraşyk baradaky teklibe resmi Tel-Awiw çürt-kesik garşy bolupdy. Ysraýylyň hökümeti ysraýylly ýesirleriň saklanýan Gazada ýaraşyk bilen bagly çagyryşlary ret edipdi. 

Ysraýylly ýesirleriň azat edilmegi şerti bilen çaknyşyklara arakesme berilmegini kabul edip biljekdigini beýan eden resmi Tel-Awiw Gaza garşy giň göwrümli hüjümlerini dowam etdirýär. 

Kassam topary Ysraýylyň goşunynyň howa hüjümlerinde ellerindäki 60 töwerek ýesiriň ýogalandygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #tussagly , #ýesir , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar