Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň gabaw astyndaky Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri dowam edýär

2063429
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Al-Aksa telewideniýe kanalynyň Telegram hasabyndan berilen habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza şäheriniň merkezinde palestinaly "Nehhale" maşgalasyna degişli öýi bombalady, hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi. 

Ysraýylyň harby uçarlary Jibaliýede "Beraş", Sahabe köçesinde bolsa "Nehhale" maşgalasyna degişli öýleri bombalady. Hüjümleriň ikisinde-de ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi. 

Han Ýunusuň gündogaryndaky Beni Süheýle sebitinde "Abu Şab" maşgalasyna degişli öýüň nyşana alynyp, hüjüm guralmagy netijesinde 1 çaga ýogaldy, 4 adam bolsa ýaralandy. 

Ysraýylyň harby gaýyklary hem Gazanyň merkezindäki kenarýaka zolaklaryna toplar bilen hüjüm gurady. 

Gazanyň Nasr etrabynda öz ýerlerinden mahrum bolan adamlaryň ýaşaýan BMG-nyň Galkynyş programmasynyň merkeziniň bombalanandygy, hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi. 

Ysraýylyň harby uçarlary Nasr etrapçasyndaky Mehdi çaga dogrulýan hassahanasyny bombalady, 2 lukman ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Beýleki tarapdan Palestinanyň resmi WAFA habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyndaky Tel-az-Zatar sebitinde palestinaly "Al-Askeri" maşgalasyna degişli öýe guran hüjüminde 9 adam ýogaldy, käbir palestinalylar ýaralandy. 

Ýerli habar çeşmeleri Şifa hassahanasynda ýerde takmynan 80 adamyň jesediniň bardygyny we saglygy goraýyş işgärleriniň olara hiç zat edip bilmeýändigini mälim etdi. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladypdy. 

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" atly operasiýa başladypdy. 

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri 38-i Gazanyň içindäki çaknyşyklarda bolmak bilen 354-i harby bolmak bilen jemi 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň habar bermegine görä Kassam toparynyň elinde 239 ysraýylly ýesir bar. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä Ysraýylyň guran hüjümlerinde 4506-sy çaga, 3027-si zenan bolmak bilen jemi 11078 palestinaly ýogaldy, 27 müň 490 adam bolsa ýaralandy. 

Günbatar Şeriada we Iýerusalimde Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar 183 palestinalyny öldürdi. 



Degişli Habarlar