Kolumbiýada Magdan Käninde Partlama Boldy

Magdan käninden 3 işçiniň jesedi çykaryldy.

2063187
Kolumbiýada Magdan Käninde Partlama Boldy

Kolumbiýada magdan käninde bolan partlamada 3 adam ýogaldy.

Landazuri şäherçesinde kömür käninde gaz sebäpli partlama boldy.

Gözleg we halas ediş topary magdan käninden 3 işçiniň jesedini çykardy.

Harabalyň aşagynda galan 2 işçiniň halas edilmegi üçin gözleg işleri dowam edýär.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, magdan käniniň bikanun ýagdaýda gurlandygy we ýapylmagy üçin kararyň kabul edilendigi anyklandy.



Degişli Habarlar