Günorta Koreýa: "ABŞ sebitde strategik barlygyny artdyrdy" diýdi

Günorta Koreýanyň hökümeti ABŞ-nyň sebitde ýadro ukyply harby uçarlar bilen birlikde strategik barlygyny artdyrandygyny habar berdi

2061510
Günorta Koreýa: "ABŞ sebitde strategik barlygyny artdyrdy" diýdi

Ýonhap habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Günorta Koreýanyň hökümetinden adynyň beýan edilmedik resmileriň biri ABŞ-nyň Günorta Koreýa berýän kepillik borçnamalary babatynda beýannama berdi. 

Resmi ABŞ-nyň Günorta Koreýada ýadro ukyply B-52 harby uçarlary bilen birlikde sebitdäki barlygyny artdyrandygyny mälim etdi. 

Resmi ABŞ-nyň bu ädimleriniň soňky wagtlarda Günorta Koreýa garşy howpuny artdyran Demirgazyk Koreýa hökümetine duýduryş aýratynlygyndadygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Günorta Koreýa

Degişli Habarlar