ABŞ-nyň Döwlet sekretary Türkiyä sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden sapar bilen bagly ýazmaça beýannama berildi

2060386
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Türkiyä sapar gurar

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Entoni Blinken 5-6-njy noýabr günleri Türkiyä sapar gurar. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden sapar bilen bagly ýazmaça beýannama berildi. 

Beýannamada 6-njy noýabrda ertir geçiriljek duşuşykda Gazanyň ýagdaýy, sebitleýin meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar