Baýden, Iordan Şasy Bilen Gaza Hakynda Pikir Alyşdy

Baýden, Iordan Şasy Abdullah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2058967
Baýden, Iordan Şasy Bilen Gaza Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen İordan Şasy Abdullah II, Palestinalylaryň Gazadan zor bilen çykarylmazlygy barada pikir alyşdy.

Ak Tamdan berlen beýannama görä, Baýden, Iordan Şasy Abdullah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Jo Baýden bilen Şa Abdullah telefon söhbetdeşliginde, Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar, sebite berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy barada pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden “Ysraýylyň raýatlaryny goramak üçin terrora garşy göreşýärkä” asuda ilatyň goralmalydygyny we halkara hukuk kadalaryna sarpa goýulmalydygyny aýtdy.

Sebitara durnuklylyga goldaw berýändigi üçin Şa Abdullaha sagbolsun aýdan Baýden, esasy hyzmatdaş hökmünde İordaniýa goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar