Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden, Hamas tarapyndan zamun alynanlardan ýene-de 2 adamyň boşadylmagyna kanagatlanma bildirdi.

2055134
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen beýannama görä, Baýden telefon söhbetdeşliginde Hamas tarapyndan zamun alynanlardan ýene-de 2 adamyň boşadylmagyna kanagatlanma bildirdi.

Baýden, ABŞ-nn raýatlary bilen birlikde Hamasyň elindäki ähli ýesirleriň boşadylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini nygtady.

Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilmelidigini nygtan Baýden, ABŞ-nyň Ysraýyla berjek harby kömegi hakynda Netanýahuýa maglumat berdi.



Degişli Habarlar