Ysraýyl-Palestina Çaknyşygynyň Sebäpkäri ABŞ

Demirgazyk Koreýa Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky tragediýa dolulygyna ABŞ-nyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

2054576
Ysraýyl-Palestina Çaknyşygynyň Sebäpkäri ABŞ

Demirgazyk Koreýanyň resmi Koreýanyň merkezi habalar gyllugy (KJNA) Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hakynda beýannama çap etdi.

Çaknyşygyň başlamagyndan soň “ABŞ-nyň dessine Ysraýyly kömekler we ýaraglar bilen goldamaga başlandygy” nygtalyp, “sebitdäki tragediýa dolulygyna ABŞ-nyň sebäp bolandygy” öňe sürülýär.

Beýannamada ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň “söweşi goldamak üçin Ysraýyla barandygy” beýan edilip, ABŞ-nyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Gaza ynsanperwer kömek berilmegi üçin çaknyşyklara “arakesme bermek” hakynda çagyryş edilýän karar taslamasyny weto etmegine hem üns çekildi.

Beýannamada, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky “çykgynsyzlygyň jogapkärçiligini “agressiw” hökmünde günäkärlenýän Palestinanyň üstüne ýükländigi” nygtalyp; “Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň hereketleri bilen ýakyndan gyzyklanmaly we bu howply hem-de parasatsyz başlangyjy egilşiksiz ýazgarmagy hem-de ret etmeli” diýilýär.

Beýannamada ABŞ-nyň “bilkastlaýyn meçew bermeleri sebäpli Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň möwç alýandygy” öňe sürülýär.



Degişli Habarlar