Germaniýada metjide hüjüm guraldy

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy

2053076
Germaniýada metjide hüjüm guraldy

Germaniýanyň Bohum şäheriniň golaýyndaky Dahlhausen etrapçasynda Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşigine degişli Soltan Ahmet metjidiniň gapysyna haç bilen Dawut ýyldyzy simwollary çekilip, metjidiň perdeleri ýakylmaga synanyşyldy.  

Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşigine degişli Soltan Ahmet metjidiniň jemgyýetiniň başlygy Güngör Kadir Güwen, düýn gije metjide guralan hüjümi irden ertir namazyna baran adamlar tarapyndan görülendigini habar berdi. 

Metjidiň ilki başda ýakylmaga synanyşylandygyny aýdan Güngör Kadir Güwen: "Ondan soň metjidiň gapysyna swastika we Dawudyň ýyldyzy simwollary çyzyldy. Birnäçe gezek synanyşmaklaryna garamazdan perdäni ýakyp bilmediler, emma ot alan bolsady pajyga bilen netijelenip bilerdi. Metjide guralan bu hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Jogapkäriň ýa-da jogapkärleriň iň gysga wagtda tapylyp, adalatyň öňünde jogap bermegini talap edýäris" diýip nygtady. 

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. 


Etiketkalar: #metjit , #Germaniýa

Degişli Habarlar