Eýranda Yzly Yzyna Ýer Titredi
Ýer titremeleriniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.
2051961
![Eýranda Yzly Yzyna Ýer Titredi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/c2f2/877a/950e/64a2691e4102c.jpg?time=1719258835)
Eýranyň Hormuzgan welaýatynyň Fin etrabynda 5,3, Fergan etrabynda bolsa 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Tähran uniwersitetinden berlen beýannama görä, Fin etrabynda ýerli wagt bilen 08.29-da 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Ýerli wagt bilen 08.39-da hem Fergan etrabynda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Ýer titremeleriniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.
Beýannamada, ýer titremelerinde çekilen ýitgi hakynda hiç hili maglumat berilmedi.