Mikotakis Bilen Sisi, Ysraýyl-Palestina Çaknyşygy Hakynda Pikir Alyşdy

Kirýakos Mikotakis, Abdulfettah as Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2051207
Mikotakis Bilen Sisi, Ysraýyl-Palestina Çaknyşygy Hakynda Pikir Alyşdy

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gresiýa tarapyndan berlen beýannama görä, Mikotakis bilen Sisi telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl-Palestina çaknyşygy we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Mikotakis, adamzat pajygasynyň öňüniň alynmalydygyny nygtady.

Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi boýunça ylalaşyk gazanan iki lider, dartgynlygyň tutuş sebitde ýaýbaňlanmagyna alada bildirdi.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar