Eýranda ýer titremesi bolup geçdi

Eýranda 5,3 bal ululugynda ýer titremesi boldy

2051176
Eýranda ýer titremesi bolup geçdi

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Ramşir etrabynda 5,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Tähran uniwersitetiniň Seýsmologiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Ramşir etrabynyň Muşrage şäherçesi bolan 5,3 bal ululygyndaky ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 14:45-de hasaba alyndy. 

Ýer titreme ýeriň 13 km aşagynda bolup, tebigy hadysada adam pidalarynyň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Eýran

Degişli Habarlar