Blinken, Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken, ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawyny dowam etdirjekdigine ünsi çekdi

2048822
Blinken, Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Ysraýylyň Daşary Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Döwlet sekretary Blinkeniň, Ysraýylyň Daşary işler ministri Koen bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada Blinken bilen Koenyň Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Ysraýylyň, Hamasyň guraýan terrorçylykly hüjümlerine garşy özüni goraýandygy bellenildi.

Beýannamada, Blinkeniň ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawyny dowam etdirjekdigine ünsi çekendigi ýatladyldy.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, Blinkeniň hüjümlerde ýogalan ysraýyllylar üçin gynanç bildirendigi, zamun alynanlaryn boşadylmagy üçin hem ABŞ-nyň tagalla edýändigine ünsi çekendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar