Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň Ukrainanyň Harkow sebitine guran raketaly hüjüminde 1 çaga ýogaldy, biri bäbek jemi 23 adam bolsa ýaralandy

2047440
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Harkow sebitiniň Harby dolanşyk edarasynyň başlygy Oleg Sinegubow, rus goşunynyň düýn gije sebite 2 sany "Iskender" kysymly raketalar bilen hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Raketalaryň biriniň esasy ýollaryň birine gaçmagy netijesinde golaýdaky öýleriň aýnalarynyň döwülendigini aýdan Sinegubow, 2-nji raketanyň bolsa 3 gatly bina degendigini beýan etdi. 

Hüjümiň netijesinde 10 ýaşyndaky çaganyň ýogalandygyny, biri bäbek jemi 23 adamyň ýaralanandygyny aýdan Sinegubow, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň geçirilýändigini aýan etdi. 

Sinegubow Russiýanyň düýn Kupýansk etrabynyň Groza obasyndaky asuda ilatly desga raketa bilen hüjüm guramagy netijesinde ýogalanlaryň sanynyň bolsa 52 adama ýetendigini mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem Gara deňizde Krym ýarymadasyna tarap barýan Ukrainanyň goşunyna degişli sürüjisiz deňiz ulagynyň ýok edilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #uruş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar