Fidan we Hüseýin serhet howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşar

Ýurtdaky howpsuzlyk meseleleriniň maslahatlaşylan maslahatda terror we neşe serişdelerine garşy göreş ugurlary ele alyndy

2047153
Fidan we Hüseýin serhet howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşar

Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudani, Daşary işler ministri Fuan Hüseýnini serhet howpsuzlygy meselesiniň çözüwi üçin ikitaraplaýyn howpsuzlyk komissiýasynyň işledilmegi maksady bilen, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen gepleşikler geçirmegi üçin ygtyýarlandyrdy. 

Yragyň Premýer ministriniň Harby metbugat geňeşçisi general Ýahýa Resul tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Premýer ministr Sudani Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk etdi. 

Ýurtdaky howpsuzlyk meseleleriniň maslahatlaşylan maslahatda terror we neşe serişdelerine garşy göreş ugurlary ele alyndy. 

Tähran bilen Bagdadyň arasynda Eýranyň häkimiýetine garşy bolan toparlaryň ýaragsyzlandyrylmagyny öz içine alýan howpsuzlyk ylalaşygynyň hem ele alynan maslahatda, ylalaşygyň iki ýurt tarapyndan durmuşa geçirilmäge başlanandygy mälim edildi. 

Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudani, Daşary işler ministri Fuan Hüseýnini serhet howpsuzlygy meselesiniň çözüwi üçin ikitaraplaýyn howpsuzlyk komissiýasynyň işledilmegi maksady bilen, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen gepleşikler geçirmegi üçin ygtyýarlandyrdy. 



Degişli Habarlar