Nigeriýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodda Partlama Boldy

Nigeriýanyň nebit öndüriji Niger Delta sebitiniň Riwers welaýatynda bikanun nebit zawodunda bolan partlamada 37 adam pida boldy.

2045893
Nigeriýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodda Partlama Boldy

“Arise” teleýaýlymynyň habar bermegine gröä Riwers welaýatynyň Emohua etrabynda bikanun nebit zawodunda çig nebit işlenýärkä partlama boldy.

Partlamada göwreli aýallar bilen bilelikde 37 adam pida boldy, köp sanly adam ýaralandy.

Ýolbaşçylar sebite ýangyn söndüriji toparlaryň ugradylandygyny we waka boýunça derňew işini başladylandygyny beýan etdi.

Nigeriýada ýüzlerçe bikanun nebit zawody bar.

Çig nebit öndürmekde dünýäniň 15 ýurdundan biri bolan Nigeriýa, dünýäde nebit ätiýajy taýdan 8-nji orun eýeleýär.

Nigeriýa nebit eksportunda 6-njy ýerde durýar.



Degişli Habarlar