Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy
Partlamada köp sanly adamyň ýogalandygy, 200-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde, Hankendi-Askeran ýolunyň golaýynda ýerleşýän ýangyç ammarynda partlama boldy.
Partlama sebäpli bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalandygy, 200-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň berýän habaryna görä, düýn agşamara Hankendiniň golaýynda Askeran ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýangyç ammarynda partlama boldy.
Garabagdaky ermeni wekilleri, partlama we ýangyn sebäpli köp sanly adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny mälim etdi.
Wakada 200-den gowrak adamyň ýaralanandygy we ýaralananlaryň esasy böleginiň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.
Partlamanyň sebäbi barada heniz hiç hili maglumat berilmedi.
Degişli Habarlar
Russiýa, Ukrainadaky Uruşda “Ähli Şertlerden” Peýdalanjakdygyny Duýdurdy
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow beýannama berdi.