Liwiýada Mekdepler 10 Gün Möhlet Bilen Bilime Arakesme Berdi

Bu barasynda Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe beýannama berdi.

2037193
Liwiýada Mekdepler 10 Gün Möhlet Bilen Bilime Arakesme Berdi

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe ýurdunda 6 müňden gowrak adamyň pida bolan sil betbagtçylygy sebäpli başlangyç we orta mekdeplerde bilime 10 gün arakesme berilendigini beýan etdi.

Dibeýbe sosial media hasaby “Facebook” arkaly beren beýanatynda; “Betbagtçylygyň başdan geçirilen etraplaryndaky agyr şertleri göz öňünde tutup, ýurduň başlangyç we orta mekdeplerinde 10 gün möhlet bilen bilime arakesme bermek hakynda karar kabul etdim” diýip ýazdy.

Bilim ministrliginiň degişli etraplardaky okuwçylaryň okuwa gaýtadan başlamagy üçin meýilnama düzmegi üçin görkezme berendigini hem beýan eden Dibeýbe, bilim üçin wagtlaýyn merkezleriň açyljakdygyny nygtady.

Dibeýbe ozalky beýannamasynda sil sebäpli öýlerinden gidenleriň ýaşamagy üçin 700 ýatak jaýly gäminiň Derne şäheriniň kenaryna ugradylandygy habar beripdi.

Premýer-ministr Dibeýbe “Daiel” tupanyndan soň Dernedaki iki bendiň ýykylmagy boýunça “gyssagly derňew” işiniň gozgalmagy üçin görkezme berdi.

Dibeýbe “X” sosial media hasabyndan “Baş Prokurora Dernedäki iki bendiň ýykylmagy boýunça gyssagly derňew işiniň başladylmagy we degişli edaralara derňew işi bilen bagly doly hyzmatdaşlyk etmekleri üçin görkezme berdi” diýipdi.



Degişli Habarlar