Somalide harby baza hüjüm guraldy

Somalide terror guramasy Aş-Şebaba agza terrorçylaryň harby bazalaryň birine hüjüm guramagyndan soň başdan geçirilen çaknyşykda 10 esger ýogaldy

2035404
Somalide harby baza hüjüm guraldy

Somaliniň Milli telewideniýesiniň beren habarynda terror guramasynyň düýn irden agyr ýaraglar bilen Aşaky Şabel sebitiniň Awdheegle şäherindäki harby baza hüjüm gurandygy habar berildi. 

Bolan çaknyşykda terror guramasynyň 20 agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, 10 esgeriň bolsa ýogalandygy mälim edildi. 

Hüjümçileriň şäheriň tapawutly taraplaryndan hüjüme geçendigi, emma goşunyň garşylyk görkezendigi aýan edildi. 

Goşunyň çaknyşykdan soň bazanyň we şaheriň gözegçiligini yzyna geçirendigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #baza , #Somali

Degişli Habarlar