Germaniýanyň Daşary işler ministri Ukraina sapar gurady

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde saparda boldy

2035586
Germaniýanyň Daşary işler ministri Ukraina sapar gurady

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki BMG-nyň Baş Assambleýasyndan ozal ýurdunyň Ukraina goldaw berýändigini görkezmek maksady bilen uruşyň başlan gününden bäri eýýäm 4-nji gezek Kiýewe baran Berbokyň sapary, howpsuzlyk sebäpli gizlin saklandy. 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok Russiýanyň Ukraina garşy uruş başlatmagyna 565 gün geçendigini belläp: "Her gün täze elhençlik, her gün täze gam-gussa we ölüm. Bu, Ukrainanyň halkynyň günsaýyn ýaşaýan elhenç hakykatydyr" diýip nygtady. 

Ukrainanyň Ýewropanyň azatlygyny uly batyrgaýlyk we tutanýerlilik bilen goraýandygyna ünsi çeken Berbok: "Ukraina özüni biziň öňümize goýmak bilen, bize hem bil baglap biler. Ýewropa Bileleşiginiň giňelmeginiň uruşyň zerur bolan geosyýasy netijesidigine we bu babatda Ukraina berýän tutanýerli goldawymyza ynanyp biler. Ukraina ÝB-ne dalaşgär ýurt statusyna eýedir, indi bolsa ÝB-niň düzümine goşulmak bilen bagly gepleşikleriň başladylmagy baradaky kararyny taýarlaýarys" diýip habar berdi. 

Germaniýanyň Ukrainany ykdysady, harby we ynsanperwer ýagdaýda goldamakdan ýüz öwürmejekdigini aýdan Berbok, ony amala aşyrýan mahallary geljege hem garaýandyklaryny, sebäbi Ukrainada parahatçylykdan başga zat islemeýändiklerini beýan etdi. 

Berbok Russiýanyň bombalary bilen Ukrainadaky adamlary diňe öldürmek bilen çäklenmeýändigini, ukrainaly müňlerçe çaganyň geljegini elinden alandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar