Ukrainanyň Kryma Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Guramaga Synanşdy
Krym, 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksirlenipdi.
2035395
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Kryma uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramaga synanşandygyny habar berdi.
Ministrlikden berlen ýazmaça beýannamada düýn ýerli wagt bilen 19.30 töweregi Kiýewiň Russiýa degişli desgalara uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramaga synanşandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ukrainanyň hüjüm synanşygynyň öňüniň alynandygyna üns çeklip, uçarmansyz howa ulagynyň Russiýanyň howa goranyş ulgamy tarapyndan Krymda hatardan çykarlandygy ýatladyldy.
Krym, 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksirlenipdi.
Degişli Habarlar
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi