Şoýgu: "Ukrainanyň goşuny haýsydyr bir ugurda maksadyna ýetip bilmedi" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjümde haýsydyr bir ugurda maksadyna ýetip bilmändigini habar berdi

2033456
Şoýgu: "Ukrainanyň goşuny haýsydyr bir ugurda maksadyna ýetip bilmedi" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Sergeý Şoýgu rus goşunynyň ýokary derejeli serkerdeleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Sergeý Şoýgu Ukrainadaky uruşda rus goşunynyň front liniýasynyň ähli ugurlary boýunça işjeňdigini habar berdi. 

Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüminiň hem üstünde durup geçen Şoýgu: "Kiýew režimi uly ýitgilerine garamazdan 3 aý bäri garşylyklaýyn hüjüme geçmäge taýarlyk görýär. Ukrainanyň goşuny haýsydyr bir ugurda maksadyna ýetip bilmedi. Ukrainanyň hökümeti Günbatardan has köp harby we ykdysady kömek almak üçin hüjüm operasiýalarynda iň bolmanda üstünlik gazanandygyny görkezmäge synanyşýar. Ol bolsa çaknyşygyň möhledini uzadýar" diýip belledi. 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Ukraina degişli ýitgiler barada maglumat berip: "Çozuşyň başlangyjyndan bäri duşman 66 müň 700 esger, 7 müň 600 ýarag ýitirdi. Garşylyklaýyn hüjümiň şowsuzlygyny gizlemäge synanyşýan ukrainaly başbozarlar asuda ilata hüjüm guraýar we ony harby ýeňiş hökmünde görkezýär. Diňe geçen aý Ukraina degişli 159 HIMARS raketasy, 1000-den gowrak uçarmansyz howa ulagy we 13 ganatly raketa täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar