Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 10 adam ýogaldy

Hindistanda Odişa welaýatynda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 10 adam ýogaldy

2032442
Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 10 adam ýogaldy

The Hindu saýtynyň berýän habaryna görä resmiler Khurda sebitinde 4 adam, Bolangir sebitinde 2 adam we Angul, Boudh, Jagatsinghpur we Dhenkanal sebitlerinde her birinde 1 adamyň ýogalandygyny habar berdiler. 

Khurda sebitinde şeýle hem 3 adamyň ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýaralanandygy mälim edildi. 

Hindistanyň Meteorologiýa edarasyndan berilen beýanatda, öňümizdäki 4 günüň dowamynda ştatyň tapawutly ýerlerinde şoňa meňzeş wakalaryň başdan geçirilmegine garaşylýandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar