Putin, G-20-niň Liderler Maslahatyna Gatnaşmaz

Putin,l Hindistanda geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

2030628
Putin, G-20-niň Liderler Maslahatyna Gatnaşmaz

Russiýanyň dövlet Ýolbaşçysy Vladimir Putin, şu ýyl Hindistanyň dövürleýin ýolbaşçylygynda sentýabr aýynyň 9-10-y aralygynda geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

Hindistan tarapyndan berlen beýannama görä, Vladimir Putin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin, telefon söhbetdeşliginde  Hindistanda geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşyp bilmejekdigini, maslahatda Russiýa Daşary işler ministri Sergeý Lavrovyň vekilçilik etjekdigini aýtdy.

Beýannamada, iki liderleriň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem özara ve sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Rus hökümeti tarapyndan berlen beýannamada bolsa, Putiniň G-20-niň liderler maslahatyna näme sebäpli gatnaşmajakdygy barada maglumat berilmedi.

Russiýanyň dövlet Ýolbaşçysy Putin, Halkara jenat kazyýetiniň harby jenaýat edendigi sebäpli Putiniň tussag edilmegi barada kabul eden kararyndan soň  BRİJKS-iň Günorta Afrikada 24-nji avgustda geçirlen maslahata hem video aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşypdy.



Degişli Habarlar