Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş dowam edýär

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheri uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alyndy

2028207
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň paýtagt Moskwa şäherine 3 aýry uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guramaga synanyşandygyny habar berdi. 

Uçarmansyz howa ulaglarynyň biriniň Moskwanyň merkezindäki gurluşygy dowam edýän bina degendigi, bina zeper ýetendigi mälim edildi. Beýleki 2 uçarmansyz howa ulagynyň bolsa howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerden soň Moskwadaky uçar gatnawlary togtadyldy. 

Beýleki tarapdan rus habarlar agentligi Ria Nowosti, Howa-kosmos güýçleriniň serkerdesi Sergeý Surowikiniň wezipesinden çetleşdirilendigini habar berdi.

Habarda Surowikiniň ýerine wagtlaýyn görnüşde Howa-kosmos güýçleriniň ştabynyň başlygy Wiktor Afzalowyň bellenendigi aýan edildi.

Ukraina bolsa ýurduň günorta-gündogaryndaky strategik ähmiýete eýe bolan Robotyne obasynyň Russiýadan yzyna basylyp alynandygyny beýan etdi.

Russiýa bolsa düýn gije Ukrainanyň Odessa sebitine uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümlerinde galla ammarlama desgalaryna zeper ýetirdi.

Odessanyň Sebitleýin Harby dolanşygynyň başlygy Oleg Kiper, Ukrainanyň howa goranyş güýçleriniň Eýran önümi bolan 9 sany Şahed görnüşli uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini belledi.

Kiper: "Gynansagam önümçilik we ýükleýiş desgalaryna zeper ýetdi, 700 ind metrlik bir ýerde ýangyn çykdy. Ýangyn gözegçilik astyna alyndy. Galla ammarlama desgalaryna zeper ýetdi" diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň goşunynyň gündogardaky öňe gidişliginiň durandygy öňe sürüldi. Ukrainada aldym-berdimli söweşleriň dowam edýän Kupýansk ugrunda Russiýanyň hüjümleri dowam edýär. Ukrainanyň hökümeti Kupýanskdaky asuda ilatyň howpsuz ýerlere göçürilmegi barada karara geldi.

Günbatar ýurtlaryň metbugatynda Russiýanyň sentýabr aýynda hüjümlerini artdyrjakdygy öňe sürülýär. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy. 


Etiketkalar: #uruş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar